Sepleriň elýeterliligi

Inguşystandaky partlamada azyndan 7 polisiýa işgäri öldi


Musulmanlaryň Oraza baýramynyň bellenilýän güni, ýekşenbe güni Orsýetiň Inguşystan respublikasynda amala aşyrylan partlamada azyndan 7 sany polisiýa işgäri öldi.

Inguşystanyň Malgobek şäherçesinde bolan bu wakada şenbe güni öldürilen bir polisiýa işgäriniň ýasyna üýşen organ işgärleriniň ýanynda janyndan geçen bir hüjümçi öz-özüni partlatdy. Bu partlamada ýene azyndan 12 sany polisiýa işgäri ýaralandy.

Bu wakanyň öňýany, şenbe güni Orsýetiň Dagystan respublikasynda-da ýüzleri maskaly iki adam ýerli şaýy metjidine girip, ondaky namaza ýygnanan adamlara garşy ok atdy. Wakada 8 adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG