Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň musulmanlary Oraza baýramyny belläp geçýärler


Ýekşenbe güni dünýäniň musulmanlary Eid al-Fitr, ýagny Oraza baýramyny belläp geçýärler.

Ýekşenbe güni irden dünýäniň dürli künjeklerindäki metjitlerde Oraza baýramy bilen baglanyşykly geçirilen ýörite irki namazlara ýüzmüňlerçe adam ýygnandy. Şeýle doga okaýyşlyklar Türkmenistanyňam dürli künjeklerindäki metjitlerde geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýurduň ilatyny Oraza baýramy bilen gutlap, ýörite ýüzlenme bilen ýüzlendi.

Garaşyzlyk ýyllarynda däp bolşy ýaly, bu dini baýramçylygyň öňýany Türkmenistanyň prezidenti Gadyr gijesine gabatlap tussaglaryň günäsini geçmek baradaky permana-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG