Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Julian Assanj balkondan beýanat etdi


Julian Assanjyň Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynyň balkonyndan çykyş edýän pursady. London, 19-njy awgust, 2012.
Julian Assanjyň Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynyň balkonyndan çykyş edýän pursady. London, 19-njy awgust, 2012.
Ýekşenbe güni “WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londonda Ekwadoryň ilçihanasynda gaçybatalga alan ýerinden balkona çykyp, öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamany öz guramasyna görkezilýän basyşlary bes etmeklige çagyrdy.

“Men prezident Obamany dogry iş bilen meşgullanmaga çagyrýaryn. Birleşen Ştatlar ‘WikiLeakse’ garşy albassy gözlemek çäresini bes etmelidir. Birleşen Ştatlar Federal derňew býurosynyň derňewlerini togtatmalydyr. Birleşen Ştatlar biziň işgärlerimizi we bizi goldaýjylary ýanamajakdygyna söz bermelidir” diýip, Julian Assanj öz çykyşynda nygtady.

Ekstradisiýa howpy bar

Munuň özi Julian Assanjyň iki aý mundan ozal Şwesiýa ekstradisiýa edilmek howpundan sypmak üçin, Londonda Ekwadoryň ilçihanasyna gaçyp ataly bäri eden ilkinji jemgyýetçilik çykyşy boldy.

Julian Assanjy goldaýjylar onuň ekstradisiýa edilmegine garşy şygarlar bilen çykyş edýärler. London, 16-njy awgust, 2012.
Julian Assanjy goldaýjylar onuň ekstradisiýa edilmegine garşy şygarlar bilen çykyş edýärler. London, 16-njy awgust, 2012.
Britaniýanyň häkimiýetleri Şwesiýada aýal maşgala jynsy taýdan el gatmakda bildirilýän aýyplamalar boýunça Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmek isleýärler.

Julian Assanjyň özi bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär we Şwesiýa ekstradisiýa edilen halatynda, özüniň “WikiLeaks” saýtynyň ABŞ-nyň gizlin diplomatik hatlaryny jemgyýetçilige ýaýradandygy bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlara tabşyrylmagynyň mümkindigini aýdyp, mundan howatyr edýär.

Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynyň balkonyndan eden 10 minutlyk beýanatynda Julian Assanj gizlin diplomatik hatlary “WikiLeaks” saýtyna berenlikde aýyplanyp tussag edilen amerikan esgeri Bradleý Manningiň-de azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi.

Assanj minnetdarlyk bildirdi

Geçen hepdäniň penşenbe güni Ekwadoryň hökümeti Julian Assanja syýasy gaçybatalga berýändigini yglan etdi.

Emma, muňa garamazdan, Britaniýanyň häkimiýetleri Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmek baradaky öz kanuny borçlaryny ýerine ýetirjekdiklerini we oňa ýurdy terk etmäge ýol bermejekdiklerini mälim etdiler.

Julian Assanj özüne syýasy gaçybatalga bermek bilen, Ekwadoryň prezidenti Rafael Korreýanyň görkezen “gaýduwsyzlygy” üçin oňa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Şenbe güni Ekwadoryň prezidenti Rafael Korreýa öz eden çykyşynda Julian Assanja onuň hut Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmek howpunyň öňüni almak maksady bilen syýasy gaçybatalga bermek kararyna gelendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG