Sepleriň elýeterliligi

Günä geçişlik: öňki tussaglara nähili ykbal garaşýar?


Türkmenbaşy şäherindäki türmäniň korridory. Türkmenbaşy, 2008.

Türkmenbaşy şäherindäki türmäniň korridory. Türkmenbaşy, 2008.

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat ýene bir köpçülikleýin günä geçişlik yglan edildi. Bu gezek 1300-den gowrak tussagyň maşgalasyna gowşandygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllar Türkmenistanda günä geçişlikler has ýygjamlaşdy we her uly baýramçylykda ýüzlerçe tussag möhletinden öň azatlyga goýberilýär.

Aslynda, köpçülikleýin günä geçişlikler Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda başlandy we şol wagt hem azatlyga çykan tussaglary işe ýerleşdirmek, olaryň gaýdyp jenaýata baş goşmazlygyny gazanmak barada gürrüň edilýärdi. Bu gürrüň häzirem edilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda işsizligiň uludygy, onmüňlerçe raýatyň gazanç üçin daşary ýurtlarda işleýändigi aýdylýar. Şeýle ýagdaýda öňki tussaglaryň işe ýerleşip, jemgyýete gaýtadan goşulmagynda nähili kynçylyklar bar? Bu meselede nähili hereket edilse gowy bolar?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki meseleler barada pikirlerini aýtmaklaryny sorap, Aşgabatdan ýerli synçylar Amanmyrat Bugaýewi, Nurberdi Nurmämmedowy we Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünowy söhbetdeşlige çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG