Sepleriň elýeterliligi

Teke polky


Türkmen atly diwizionynyň esasyny Ahal hem Mary welaýatyndan bolan tekeler düzensoň, 1916-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap, onuň ady “Teke kawaler polky” diýlip üýtgedilýär. (Surat: 1916-njy ýylyň 19-njy marty)

Türkmen atly diwizionynyň esasyny Ahal hem Mary welaýatyndan bolan tekeler düzensoň, 1916-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap, onuň ady “Teke kawaler polky” diýlip üýtgedilýär. (Surat: 1916-njy ýylyň 19-njy marty)

1892-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Orsýet imperiýasynyň, şol wagtky at berlişi ýaly, Zakaspiý general-gubernatorlygynyň tabynlygyndaky şäheri – Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda regulýar Türkmen atly diwiziony döredilýär. 1911-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan beýläk-de onuň adyndan regulýar sözi aýrylyp, ol “Türkmen atly diwizion goşuny” diýlip atlandyrylýar.

Şol türkmen diwizionynyň bazasynda, ýerli halkyň ýardam bermegi bilen, 1914-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmen kawaleriýa polky esaslandyrylyp, ol polk şol ýylyň 23-nji awgustynda döredilen “Tuzem-Kawkaz“ atly diwiziýanyň düzümine girizilýär. Bu diwiziýa rus sarizminiň tabynlygyndaky musulman halklaryň meýletinçilerinden düzülipdir. Çünki ol döwürde Orsýetde Orta Aziýanyň hem Kawkazyň musulman ilaty goşun gullugyna alynmaýar eken. Bu diwiziýa Ýewropada “Ýabany diwiziýa” adyny alypdyr. Ol Birinji jahan urşunda Günorta-Günbatar frontda Awstro-Germaniýanyň garşysyna söweşipdir.

Türkmen atly diwizionynyň esasyny Ahal hem Mary welaýatyndan bolan tekeler düzensoň, 1916-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap, onuň ady “Teke kawaler polky” diýlip üýtgedilýär, gysgaldylybam oňa Teke polky diýlipdir.

1914-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ýewropanyň jümmüşindäki Duplise Duže obasynyň eteginde Teke polky nemesleriň regulýar pyýada goşunyny yza tesdirýär. Bu polkuň öň hatarda söweşmeginde “Tuzem Kawkaz diwiziýasy” 1916-njy ýylyň 28-nji maýynda Dobronousa söweşinde Germaniýanyň soýuzdaşy bolan Awstriýanyň regulýar goşunyny derbi-dagyn edýär. Şol uruşda olardan 2000 adam öldürilip, 3000 awstriýa esgeri ýesir alnypdyr, şeýle hem köp mukdarda ok-ýarag, pulemýot, top, birnäçe at olja alnypdyr.

“Russiýanyň harby taryhynda “Tuzem Kawkaz diwiziýasynyň“ 1916-njy ýyldaky bir ýylda eden 16 sany şowly hüjümi örän seýrek duş gelýä hadysa. Bu diwiziýanyň, esasanam, Teke polkunyň görkezen gahrymançylygyna haýran galmaly” diýip, 1917-nji ýylda (19.07.1917ý.) Orsýet imperiýasynyň wagtlaýyn hökümetinde Ýaragly güýçleriň Baş komanduýuşisi bolan general L.G. Kornilow açyk boýun alyp, olaryň gahrymançylygyny ykrar edipdir.

“Zakaspiýskaýa Tuzemnaýa” gazetiniň 1915-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky sanynda Teke polkundan Birinji jahan urşuna gatnaşyp, örän abraýly söweşip, “Georgiý hajy” ordenine hem “Söweşde Gaýduwsyzlygy üçin” atly medala mynasyp bolan 67 türkmen esgeriniň atlary çap edilipdir. Şolaryň adyny-familiýasyny, doglan ýerini okanyňda, olaryň ýarpysyna golaýynyň Köşi ýa onuň töweregindäki obadan bolmagy haýran galdyrýar. Bu gazet Teke polkunyň söweşdäki edermenligi hakynda yzygiderli maglumat berip durupdyr. Hatda bu gazetde söweşde ýaralanlaryň haýsy gospitala ýerşeşdirilendigi, kimiň uruşda ýitenligi atma-at berlipdir.

Meşhur rus ýazyjysy N. N. Breşko-Breşkowskiý (1874-1941ý.) “Tuzem Kawkaz diwiziýasyna” bagyşlap döreden we 1991-nji ýylda çap edilen “Ýabany diwiziýa“ romanynda: “Wenger düzlüginde, Awstriýada uruş alyp baran rus goşunynyň hatarynda, örän aýylganç atly goşun peýda boldy, ol aýylgançlar Aziýanyň jümmüşinden gelen atly goşun bolmaly diýip, duşmanlar howsalaly gürrüň edýärdiler. Olar hakdaky gorkuly gürrüň diňe harbylaryň arasynda däl, graždan ilatyň arasynda hem aljyraňňlylyk bilen gürrüň edilýärdi” diýip ýazypdyr.

Teke polkunyň komandirleriniň biri Oraz han bolupdyr. Bu polkuň komandirleri türkmeniň iň sowatly maşgalalarynyň ogullary eken. Teke polkunyň belli-belli komandirleri general Kornilowyň janpenalary bolupdyrlar. Teke polkunyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky alyp baran söweşleri, kimiň tarapynda bolandygy aýratyn gürrüň etmeli mesele. Ýöne Birinji jahan urşunda gahrymanlarça söweşip, Ýewropa ýaň salan Teke polky hakyndaky hakykat il-güne äşgär edilse, ata-babalarymyzyň ýakyn geçmişimizdäki taryhyna buýsanç artardy.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy.
XS
SM
MD
LG