Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda Gu Kaýlaýa britan telekeçisini öldürmek bilen bagly höküm çykaryldy


Hytaýyň sudy ýurduň kommunistik partiýasynyň ozalky ýokary derejeli resmisiniň aýaly Gu Kaýlaýy britan telekeçisini öldürmekde günäli tapdy.

Duşenbe güni sud Gu Kaýlaýy ölüm jezasyna höküm etdi. Emma suduň karary iki ýyl yza süýşürildi. Çaklamalara görä, iki ýyldan soň ölüm jezasy baradaky karar ömürlik türme tussaglygy bilen çalşyrylar.

Berilýän maglumata görä, sud diňlenşiginiň dowamynda Gu Kaýlaý özüniň günäsini boýun alypdyr.

Geçen ýylyň noýabrynda britan telekeçisi Neýl Heýwud Çunsin şäheriniň myhmanhanalarynyň birinde öli tapyldy. Onuň Gu Kaýlaýyň maşgalasy bilen biznes gatnaşyklary bardy. Gu Kaýlaý bilen britan telekeçisiniň arasynda pul meselesi boýunça dawa ýüze çykypdyr. Gu Kaýlaýyň nygtamagyna görä, Neýl Heýwud onuň ogluna haýbat adatdan soň, ol britan raýatyny zäherläp öldürmäge mejbur galypdyr.
XS
SM
MD
LG