Sepleriň elýeterliligi

Täze Zelandiýa Owganystandaky esgerlerini has ir yzyna çagyrar


Täze Zenandiýa Owganystandaky esgerleriniň gysga wagtyň içinde yzlaryna dolanjakdyklaryny mälim etdi.

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jon Keý duşenbe güni çykyş edip, Owganystandaky 145 esgeriň aprel aýynda öýüne dolanmagynyň mümkindigini belledi.

Mundan öň Täze Zelandiýanyň hökümeti öz esgerleriniň “2013 ýylyň ahyrlarynda” Owganystandan çykaryljakdygyny mälim edipdi.

2001-nji ýyldan bäri Owganystanda Täze Zelandiýanyň jemi 10 esgeri öldi. Täze Zelandiýanyň harby kontingenti esasan Owganystanyň Bamiýan welaýatynda saklanylýar.
XS
SM
MD
LG