Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Siriýa boýunça toparynyň işi resmi taýdan tamamlandy


BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň missiýasy resmi taýdan öz işini tamamlady. Toparyň ygtyýarlyklary ýekşenbe güni giçlik gutardy.

Siriýa boýunça topar aprel aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan döredilipdi. Onuň maksady Siriýa boýunça halkara wekil Kofi Annanyň hödürlän, ot atyşyklary bes etmek boýunça planyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden ybaratdy.

300 adamdan ybarat toparyň işi iýun aýynda togtadylypdy. Şol döwür Siriýada gozgalaňçylar bilen prezident Başar al-Assadyň režiminiň arasyndaky çaknyşyklar has gazaply häsiýete eýe bolup başlapdy.
XS
SM
MD
LG