Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewiň doganynyň Minskide ýaşaýandygy baradaky habarlara täsir ýok


Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň Minskide alnan suraty. 17-nji awgust, 2012 ý.

Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň Minskide alnan suraty. 17-nji awgust, 2012 ý.

Belarusyň Içeri işler ministrligi Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň doganyna meňzeş bir adamyň Minskide ýaşaýandygy baradaky maglumatlar boýunça belli bir zat aýtmakdan saklandy.

Janyş Bakyýewe meňzeýän bir adamyň suraty ýekşenbe güni internet äleminde peýda bolupdy.

Belarusly blogger Mihaýil Paşkewiç gürrüňi gidýän suratyň anna güni Minskide alnandygyny aýdýar.

Kurmanbek Bakyýew 2010-njy ýylda Gyrgyzystanda hökümete garşy protestler başlanandan soň, ýurdy terk edip Belarusa gaçyp barypdy.

Kurmanbek Bakyýew, onuň dogany Janyş, başga-da 20-ä golaý adam gaýybana sud edildi. Olar protestleriň dowamynda howpsuzlyk güýçleriniň adamlara ýaraglardan ot açmagyna dahylly bolmakda aýyplanýarlar.

Belarus Kurmanbek Bakyýewi Bişkega tabşyrmakdan ýüz öwrüp gelýär.
XS
SM
MD
LG