Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda bir ýetginjek gyz dine şek ýetirmekde aýyplanýar


Hudaýa dil ýetirmekde aýyplanýan hristian gyzy Rimşanyň ýaşaýan jaýynyň öňünde bir musulman oglanjyk, 20-nji awgust.

Hudaýa dil ýetirmekde aýyplanýan hristian gyzy Rimşanyň ýaşaýan jaýynyň öňünde bir musulman oglanjyk, 20-nji awgust.

Pakistanyň prezidenti dauna sindromly bir hristian gyzyň Hudaýa dil ýetirmekde aýyplanyp tutulmagy boýunça resmilerden düşündiriş bermeklerini sorady.

Aýdylyşyna görä, bu 11-12 ýaşlaryndaky gyz ýüzüne Gurhanyň süreleri ýazylan kagyzlary ýakypdyr. Polisiýa Rimşa atly bu gyzyň penşenbe güni Yslamabatda tutulyp, 14 günlük tussag edilendigini aýtdy.

Musulmanlardan durýan gaharly märeke onuň jezalandyrylmagyny talap edipdir.

Pakistanyň döwlet mediasy prezident Asif Ali Zardariniň bu ýagdaýa "çynlakaý üns berip", Içeri işler ministrliginden bu barada hasabat sorandygyny bildirdi.

Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Rimşa nahar bişirmek üçin zibilden toplanan kagyzylary ýakyp otyrka, bir adam baryp, bu maşgalany ýüzüne Gurhanyň süreleri ýazylan sahypalary ýakmakda aýyplapdyr.

"Frans Pres" habar gullugy duşenbe güni Rimşanyň öýleriniň daşyndan gulpludygyny, öýde hiç kimiň ýokdugyny habar berdi. Goňşular hem bu barada artyk gürlemäge meýil etmän, özleriniň bu hadysany görmändiklerini aýdypdyrlar.

"Bütin Pakistan azlyklar alýansynyň" ýokary derejeli işgäri Tahir Nawid Çaudhury "Frans Pres" habar gullugyna ozal gorkup Yslamabadyň başga ýerlerindäki garyndaşlarynyň ýanyna gaçyp giden hristianlaryň indi kem-kemden öz ýaşaýan ýerleri bolan Mehrabada dolanýandyklaryny aýdypdyr. Onuň aýtmagyna görä, Rimşanyň dauna sindromy bar. Ol köp zatlara düşünip bilenok. Ýaşy hem 13-den aşakda.

Pakistanda aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýän gurama "Aýallaryň hereket forumy" Rimşanyň tutulmagyny ýazgardy. Onuň sözçüsi Tahira Abdullah Rimşanyň derhal boşadylmagyny talap edip, bu ýagdaýy polisiýa ýetiren adama "bütinleý adamkärçiliksiz" diýip, gahar-gazap bildirdi.

2011-nji ýylda Pakistanyň bir ýokary derejeli syýsatçysynyň, şeýle hem Kabinetiň bir hristian ministriniň öldürilmegi hem olaryň Hudaýa dil ýetirmezlik baradaky kanuna berk garşy çykmagy bilen baglanyşykly diýlip hasap edilýär. Bular 2010-njy ýylda Hudaýa dil ýetirmekde günälenip, ölüme höküm edilen bir hristian enäniň çekýän ejir-azabyny ile ýetiripdiler. Bu zenan şindi-de türmede otyr.

Bu adamlaryň öldürilmegi Pakistandaky dini çydamsyzlyk baradaky aladalary täzeledi.

Öten aý merkezi Penjap welaýatynyň bir obasynda gaharly märeke bir ruhy taýdan durnuksyz adamy polisiýa edarasyndan alyp, urup-ýenjip öldürdi. Bu adam hem Gurhanyň sahypalaryny ýakanlykda aýyplanypdy.

Pakistanda Hudaýa dil ýetirmezlik baradaky kanun boýunça Yslamy ýa Gurhany garalan adamlara ölüm jezasy berlip bilinýär.
XS
SM
MD
LG