Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Siriýa boýunça missiýasynyň ygtyýarlygy tamamlandy


BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň missiýasy resmi taýdan öz işini tamamlady. 20-nji awgust, 2012 ý.

BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň missiýasy resmi taýdan öz işini tamamlady. 20-nji awgust, 2012 ý.

BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň missiýasy resmi taýdan öz işini tamamlady. Toparyň ygtyýarlyklary ýekşenbe güni giçlik gutardy.

Siriýa boýunça topar aprel aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan döredilipdi. 300 adamdan ybarat toparyň maksady Siriýa boýunça halkara wekil Kofi Annanyň hödürlän, ot atyşyklary bes etmek boýunça planyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekden ybaratdy.

Emma taraplaryň hiç biri, ne gozgalaňçylar ne-de hökümet Annanyň hödürlän planyny berjaý etmedi.

BMG Siriýada “gepleşikler üçin edaranyň” dörediljekdigini mälim etdi. Mundan ozal, Siriýa boýunça halkara wekil Koffi Annan hem wezipesinden çekilipdi. Häzir onuň ýerine Lakhdar Brahimi geçdi.

Brahimi alžirly diplomat bolup, ol BMG-niň Owganystandaky we Yrakdaky wekili hökmünde hem işläpdi. Ol ýekşenbe güni France-24 telekanalyna beren interwýusynda, Siriýadaky ýagdaýlary kadalaşdyryp biljekdigine doly ynanmaýandygyny aýtdy.

Brahimi: “Köp kişi Siriýada graždan urşuna ýoluň berilmeli däldigini aýdýar. Ýöne meniň pikirimçe, ol ýerde eýýäm graždan urşy gidip dur. Esasy mesele bu graždan urşuny togtatmaly. Ýöne, bu aňsat bojaga meňzänok” diýdi.

Bu aralykda, duşenbe güni Siriýanyň ençeme künjeklerinde, şol sanda Aleppoda hem çaknyşyklaryň dowam edendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Siriýadaky gazaplylyk sebäpli, soňky 17 aýyň içinde müňlerçe siriýaly bosgun goňşy döwletletlere geçmäge mejbur galdy. Türkiýede siriýaly bosgunlaryň sany 70 müň töweregi diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG