Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ikinji partiýa döredildi


Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy geçirildi. 21-nji awgust, 2012 ý.
Aşgabatda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy geçirildi. 21-nji awgust, 2012 ý.
Sişenbe güni Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. 21-nji awgustda Aşgabatda geçirilen gurultaýda partiýanyň düzgünnamasy kabul edildi.

Resmi metbugatyň berýän maglumatyna görä, gurultaýa 300 töweregi adam gatnaşypdyr. Onda partiýanyň Merkezi Geňeşiniň agzalary we başlygy saýlandy, şeýle-de programmasy tassyklandy diýip, TDH habar berýär.

Gurultaýyň başynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew çykyş edip, ýurtda täze bir syýasy partiýanyň döredilmegini gutlady. Ol muny “ýurduň taryhyndaky möhüm waka” diýip häsiýetlendirdi.

Sişenbe güni geçirilen gurultaýda partiýanyň Merkezi Geňeşiniň başlygy hem bellenildi. Oňa birnäçe dalaşgäriň arasyndan Orazmämmet Mämmedowyň saýlanandygy habar berilýär.

Mart aýynda Türkmenistanyň häkimiýetleri “ýakyn geljekde” täze iki syýasy partiýany, ýagny agrar partiýany we telekeçileriň partiýasyny döretmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny mälim edipdiler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky kampaniýasynda hem özüniň täze partiýalary döretmegiň we garaşsyz metbugaty ýola goýmagyň tarapynda çykyş edýändigini aýdypdy.

“Biz ýurdumyzda täze partiýalary döretmek we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talabalaýyk guramak ugrunda hem çykyş edýäris. Ýöne halkymyzy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny hem bellemek isleýäris” diýip Berdimuhamedow çykyş edipdi.

Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisi “Syýasy partiýalar barada” täze bir kanuny kabul edipdi. Şoňa çenli ýurtda syýasy partiýalary döretmeklige we olary hasaba almaklyga degişli hiç hili ýörite kanun kabul edilmändi.

Mundan öň, ýurtda ýeke-täk resmi syýasy partiýa, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bardy. Bu partiýa 1991-nji ýylda döredildi. Ol Sowet Soýuzy döwründäki Kommunistik patiýanyň mirasdüşeridir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdyr.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:21 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG