Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” toparyna höküm çykaran suduň saýtyna hüjüm edildi


Orsýetde näbelli hakerler aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň agzalaryny türme tussaglygyna höküm eden suduň web saýtyna hüjüm etdiler.

Hakerler Moskwanyň Hamowniçeskiý sudunyň web sahypasynda “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldaýan ýazgylary we bolgariýaly sazanda Aziziň hem aýdymyny ýerleşdirdiler.

Hamowniçeskiý sudunyň metbugat wekili özleriniň web sahypasyna hüjümiň edilendigini tassyklady.

Geçen anna güni sud “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda günäli tapyp, olary iki ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG