Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama owgan esgerleriniň halkara güýçlerine eden hüjümlerine alada bildirdi


ABŞ-yň prezidenti Barak Obama soňky döwür Owganystanyň howpsuzlyk işgärleriniň halkara güýçleriniň esgerlerine eden hüjümlerine özüniň “çuňňur aladasyny” bildirdi.

Obama bu mesele boýunça özüniň owganystanly kärdeşi Hamid Karzaý bilen gepleşikleri geçirjekdigini hem mälim etdi.

Obamanyň çykyşyndan ozal, duşenbe güni ABŞ-nyň Bilelikdäki Serkerdeler Ştabynyň baştutany general Martin Dempsi Kabulda Owganystanyň harby ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçiripdi.

Soňky iki hepdäniň dowamynda, owganystanyň esgerleri halkara güýçleriniň hataryndan 10 adamy öldürdi. Olaryň agalbasy ABŞ-nyň raýatlarydy.
XS
SM
MD
LG