Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda bäş adamy öldürmekde gümän edilýän esger öldürildi


Gyrgyzystanda öz egindeş esger ýoldaşlaryny we bir ofiseriň aýalyny öldürmekde gümän edilýän gümrükçi esger atylyp öldürildi.

Gyrgyzystanyň Gümrük edarasynyň berýän maglumatyna görä, gaçgak esger sişenbe güni Gazagystan bilen serhetde ýerleşýän Issyk-Kul regionyndan tapylypdyr. Ol “ýaragly garşylyk” görkezenden soň, atylyp öldürildi diýlip, maglumatda nygtalýar.

Duşenbe güni serhet birikmesine edilen hüjümde dört esger we bir ofiseriň aýaly öldürilipdi. Resmiler hüjümiň näme sebäpden amala aşyrylandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.

Bu waka boýunça derňew dowam edýär.
XS
SM
MD
LG