Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede ulag partlamasynda ölenleriň sany azyndan dokuza ýetdi


Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Gaziantap şäherinde amala aşyrylan ulag partlamasynda ölenleriň sany azyndan dokuz adama ýetdi.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Besir Atalaýyň beren maglumatyna görä, ölenleriň arasynda dört çaga hem bar. Mundan ozal, ölenleriň sany sekiz diýlip berilipdi. Emma, partlamada şikes alan bir gyz, ýaralary sebäpli keselhanada ýogaldy.

Ulag partlamasynda 70 töweregi adam ýaralandy, olaryň dördüsiniň ýagdaýy agyr bolmagyna galýar.

Türk resmileri partlamany “Kürdistan Işçiler Partiýasynyň” (PKK) söweşijileriniň amala aşyrandygyny çaklaýarlar. Partlama polisiýanyň edarasynyň golaýynda amala aşyryldy. Onuň netijesinde, eçneme ulag, şol sanda bir şäher awtobusy hem ot aldy.

Kürdistan Işçiler Partiýasyna” (PKK) degişli web saýtda ýerleşdirilen maglumatda, bu hüjüme toparyň ilteşiginiň ýokdugy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG