Sepleriň elýeterliligi

Efiopiýanyň premýer-ministri Zenawi aradan çykdy


Efiopiýanyň premýer-ministri Meles Zenawi 57 ýaşynda aradan çykdy.

Döwlet telewideniýesiniň beren maglumatyna görä, Meles duşenbe güni giçlik keselhanada berejegi alýan mahaly ýogalypdyr. Ol iýul aýynda keselhana ýerleşdirilipdi.

Şondan bäri, onuň saglyk ýagdaýy barada köpçülige hiç hili maglumat berilmändi.

Meles ýurduň ozalky lideri Mengistu Haile Mariamyň 1991-nji ýylda häkimiýetden aýrylany bäri, ýurda baştutanlyk edip gelýärdi.

Döwlet telewideniýesi ýurduň premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri Hailemariam Desalegnyň premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG