Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Pussy Riot'-a hökümi çykaran suduň saýtyna hüjüm edildi


“Pussy Riot” pank toparynyň tussaglyga höküm edilen agzalary. 17-nji awgust, 2012 ý.
“Pussy Riot” pank toparynyň tussaglyga höküm edilen agzalary. 17-nji awgust, 2012 ý.

Orsýetde näbelli hakerler aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň agzalaryny türme tussaglygyna höküm eden suduň web saýtyna hüjüm etdiler. Gürrüňi gidýän web saýt sişenbe güni täzeden işläp başlady.

Hakerler Moskwanyň Hamowniçeskiý sudunyň web sahypasynda “Pussy Riot” toparynyň agzalaryny goldaýan ýazgylary we bolgariýaly sazanda Aziziň hem aýdymyny ýerleşdirdiler.

Şeýle-de suduň web saýtynda “Pussy Riot” toparynyň ýerine ýetiren “Putin rewolýusiýanyň oduny tutaşdyrýar” atly aýdymy hem goýuldy.

Hamowniçeskiý sudunyň metbugat wekili özleriniň web sahypasyna hüjümiň edilendigini tassyklady.

Resmiler eger-de bu waka boýunça “degişli arza ýazylsa”, onda bu işi Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň “K edarasynyň” derňejekdigini aýtdylar. “K edara” kompýuterleriň, internetiň we beýleki maglumat beriş tehnologiýalarynyň üsti bilen amala aşyrylan jenaýatlary seljerýär.

Geçen anna güni “Pussy Riot” toparynyň üç agzasy, ýagny Mariýa Alýohina, Nadežda Tolokonnikowa we Ýekaterina Samutsewiç dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda günäli tapylyp, olar iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary şu ýylyň fewral aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.

Orsýetiň resmileri 21-nji fewralda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde bolan, “Pussy Riot” toparynyň beýleki agzalarynyň hem gözlenýändigini aýtdylar.

“Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň aklawçylary suduň çykaran hökümini Orsýetiň ýokary we konstitusion sudlarynda, şeýle-de düýbi Strasburgda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň sudunda şikaýat etjekdiklerini mälim etdiler.

Emma “Pussy Riot” toparynyň aklawçylary öz müşderileriniň prezident Wladimir Putinden günäleriniň geçilmegini soramajakdyklaryny hem sözüne goşdular.
XS
SM
MD
LG