Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy 30-njy awgustdan öz türkmenistanly abonentleriniň SIM kartalaryny işledip başlaýar. Şunuň bilen baglanyşykly kompaniýa öz müşderilerine käbir ýeňillikleri hem hödürleýär.

Kompaniýanyň türkmen metbugatynda çap edilen bildirişinde aýdylşyna görä, hususan-da, SIM-kartlaryň hasabynda pul serişdeleri galan bolsa, onuň üstüne bonus görnüşinde 20% goşmaça pul goşulýar.

Şeýle-de MTS öz müşderileriniň 30-njy awgust we 30-njy sentýabr aralygynda bir aýyň dowamynda “MTS ulgamynyň içindäki jaňlar boýunça her günde ýeňillikli 30 minut” atly sowgadyndan peýdalanyp biljekdiklerini habar berýär.

Ýakyn günlerde Türkmenistanda öz işini dikeldýän MTS halkara aragatnaşyk hyzmatlaryny we roumingi arzanlatmagy hem wada berýär. Kompaniýa nyrhlar baradaky täze tekliplerini 1-nji oktýabrdan başlap hödürlejegini aýdýar.

MTS-iň häzir teklip edýän hyzmatlary öňki SIM-kartalaryny saklap galan müşderilerine degişli.

“Häzirlikçe SIM-kartalaryny we şertnamalaryny saklan abonentleriň şol kartalaryny telefonlaryna salyp, ulanyp başlamaklary barada gürrüň gidýär. Olaryň öňki nomerleri we abonent hasaplary hem saklanyp galar” diýip, MTS kompaniýasynyň metbugat wekili Waleriýa Kuzmenko Azatlyk Radiosyna aýtdy.

MTS-iň wekiliniň sözlerine görä, häzir hyzmatlaryň ýatyrylmagyndan öňki nyrhlar ulanylar, emma birnäçe täze teklipleriň hödürlenmegi hem göz öňünde tutulýar.

MTS-iň metbugat wekili Waleriýa Kuzmenko MTS-iň müşderileriniň telefon hasaplaryny doldurmak üçin ozalky usullary ulanmalydygyny aýtdy. Emma onuň sözlerine görä, häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistandaky ofisleri ýapyklygyna galýar.

MTS-iň wekili kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýänlere täze SIM-kartalaryň satylyp başlanmagy üçin aragatnaşyk ulgamynyň doly derejede işläp başlamagynyň zerurdygyny ýatlatdy.

Şeýle-de Waleriýa Kuzmenko MTS-iň 30-njy awgustdan başlap amala aşyrjak hyzmatlarynyň mobil interneti hem göz öňünde tutýanlygyny mälim etdi.

“Umuman, mobil hyzmatlaryna sesli hyzmatlar we internet girýär. Biz 2G we 3G hyzmatlaryň öňki möçberde elýeterli boljagyna garaşýarys. Şeýle ýagdaýda mobil internet hem işlär” diýip, MTS-iň metbugat wekili Waleriýa Kuzmenko Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Orsýetiň MTS kompaniýasynyň bir ýarym ýyla golaý wagtdan soň Türkmenistana dolanyp barmagy onuň Özbegistandaky işiniň togtadylan döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG