Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: “Ile-Alatau” parkyndan 12-nji adamyň jesedi tapyldy


Çarşenbe güni Gazagystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň günortasyndaky “Ile-Alatau” atly döwlet parkyndan 12-nji adamyň jesediniň tapylandygyny mälim etdi. Maglumatda bu soňky jesediň parkdaky ýakylan jaýyň külüniň astyndan tapylandygy aýdylýar.

Geçen hepde parkyň içinden jemi 11 adamyň jesedi tapylypdy, şolardan bäşisiniň tanalmaz ýaly derejede ýakylandygy habar berlipdi. Häzirki tapylan jesediň-de şahsyýetiniň heniz anyklanmandygy aýdylýar.

Geçen hepde tapylan jesetleriň arasynda baş tokaý sakçysy Panaýot Zaharopulonyň we onuň käbir maşgala agzalarynyň-da jesetleri bar.

Mundan öň polisiýa tokaý sakçysynyň oglundan habar-hatyryň ýokdugyny aýdypdy. Gazagystanyň polisiýasy häzirki wagt bu wakalar boýunça derňew işlerini alyp barýar.
XS
SM
MD
LG