Sepleriň elýeterliligi

Putin ýokary derejeli birnäçe resmini wezipelerinden boşatdy


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Içeri işler ministrliginiň birnäçe ýokary derejeli resmisini wezipesinden boşatmak baradaky permana gol çekdi.

Wezipesinden boşadylan resmileriň hatarynda Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň içerki howpsuzlyk boýunça Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary, şeýle hem ykdysady howpsuzlyk we korrupsiýa garşy göreş boýunça Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary-da bar.

Bu resmiler bilen birlikde, prezident Putin guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça GDA-nyň Koordinasion býurosynyň başlygynyň orunbasaryny we Orsýetin neşelere gözegçilik ediji Federal Agentliginiň Demirgazyk Ossetiýa boýunça uprawleniýesiniň başlygyny-da wezipelerinden boşatdy.
XS
SM
MD
LG