Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň dolandyryjy syýasy koalisiýasy dargady


Çarşenbe güni Gyrgyzystanda ýurduň dolandyryjy syýasy koalisiýasy dargady. Syýasy koalisiýanyň doly dargamagyna çarşenbe güni onuň düzümindäki “Ata-žurt” partiýasynyň koalisiýadan çykmagy sebäp boldy.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni dolandyryjy koalisiýanyň düzümindäki “Ar-namys” partiýasy-da koalisiýadan çykýandygyny yglan edipdi.

Bu partiýalaryň ikisem premýer-ministr Ömürbek Babanowy koalisiýanyň öz içerki ylalaşygynyň şertlerini bozýanlykda aýyplaýarlar.

Koalisiýanyň metbugat sekretary indi täze syýasy koalisiýa döredilýänçä, hökümet agzalarynyň hemmesiniň, şol sanda premýer-ministriň-de öz wezipelerinden çekilmelidiklerini ýa-da wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirijiler hökmünde galmalydyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG