Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Altyn Asyr” MTS-i garşylamaga taýýarlanýar


“Altyn Asyryň” ofisleriniň käbirlerinde “Çäksiz jaňlar” tarifiny alan müşderiniň limitsiz 3G internetden peýdalanyp bilýändigi aýdylsa, käbir beýleki ofislerinde bu hili mümkinçiligiň ýokdugy habar berilýär.
“Altyn Asyryň” ofisleriniň käbirlerinde “Çäksiz jaňlar” tarifiny alan müşderiniň limitsiz 3G internetden peýdalanyp bilýändigi aýdylsa, käbir beýleki ofislerinde bu hili mümkinçiligiň ýokdugy habar berilýär.
Türkmenistanda mobil aragatnaşygyny hödürleýän ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bolan “Altyn Asyr” soňky wagtda öz müsderileri üçin birnäçe täze hyzmatlary girizdi. Olar hasaby bilmek hem-de abonent ulgamda däl wagty jaň edýäniň oňa dürli görnüşdäki SMS habarlary goýup bilmegi ýaly hyzmatlardan ybarat. Şeýle-de “Altyn Asyr” ýakynda bahasy 210 manada durýan “Çäksiz jaňlar” atly täze tarif planyny hem girizdi.

“Altyn Asyryň” şeýle täze hyzmatlary yzly-yzyna hödürlemegi Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň 30-njy awgustdan Türkmenistanda hyzmat edip başlajakdygyny yglan etmeginiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Şol bir wagtyň özünde MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasy hem, mundan 18 aý ozal Türkmenistany terk etmegi zerarly ýitiren müşderilerini yzyna çekmek üçin, bu bäsleşikde “Altyn Asyrdan” asla yza galanok. MTS soňky iki-üç günden bäri ýurduň merkezi gazetlerinde ýörite bildirişleri çap edip, Türkmenistana dolanýandygyny we öňki müşderileri üçin nähili amatlyklaryň hödürlenýändigini yzygiderli habar berýär.

Şeýle bildirişleriň birinde MTS bilen müşderileriniň arasynda öňki baglaşylan şertnamalaryň öz güýjünde galjakdygy, Türkmenistanda MTS-iň işi togtadylan wagtynda müşderiniň hasabynda pul galan bolsa, onuň üstüne bonus görnüşinde 20% pul serişdesiniň goşuljakdygy aýdylýar.

Gazetde çap edilen beýleki bir bildirişde bolsa MTS-iň öňki müşderilerine 30-njy awgust-30-njy sentýabr aralygynda bir aýlap kompaniýanyň ulgamynyň öz içindäki jaňlar boýunça her günde “ýeňillikli 30 minut” atly sowgat hödürlejekdigi aýdýlýar.

Emma MTS-iň bu tagallalarynyň nähili netije bilen tamamlanjagyny edil häzirki döwürde aýtmak kyn. Sebäbi soňky 18 aýyň dowamynda MTS-iň müşderileriniň ählisi “Altyn Asyra” geçdiler. “Altyn Asyr” şol müşderileri saklap galmak üçin häzirki döwürde dürli çäreleri görýär. Galyberse-de, “Altyn Asyr” arkasynda hökümetiň goldawy bolan kärhanadyr.

Düşnüksizlik

Emma, muňa garamazdan, MTS bilen deňeşdirilende, “Altyn Asyryň” bu ýaryşa taýýarlygy hem-de reklama işinde goýberýän kemçilikleri welin, göze dürtülip dur. Meselem, “Altyn Asyryň” hödürleýän täze hyzmatlary barada diňe müşderileri däl, hatda “Altyn Asyryň” hyzmat ediş ofisleriniň käbir işgärlerinde hem jikme-jik maglumat ýok.

“Altyn Asyryň” ofisleriniň käbirlerinde “Çäksiz jaňlar” tarifiny alan müşderiniň limitsiz 3G internetden peýdalanyp bilýändigi aýdylsa, käbir beýleki ofislerinde bu hili mümkinçiligiň ýokdugy habar berilýär. Şeýle-de “Altyn Asyryň” Aşgabadyň Paýtagt söwda merkezinde ýerleşýän hyzmat ediş ofisinden Azatlyk Radiosyna aýdylmagyna görä, häzirlikçe täze girizilen tarif planlary baradaky ýörite reklama bukletleri hem çap edilmändir.

Şol bir wagtyň özünde-de “Altyn Asyryň” hödürleýän mobil telefon aragatnaşygynyň hili baradaky şikaýatlar hem häli-şindi eşidilip dur. Hatda paýtagtyň käbir raýonlarynda-da asla bu telefon arkaly gepleşip bolmaýandygyny aýdýanlar bar.

Şol raýonlaryň biri-de Aşgabadyň öňki “Aýna” zawodynyň gaýrasyndaky ýaşaýyş massiwi. Bu raýonyň ýaşaýjysy, 38 ýaşly Aýmyradyň aýtmagyna görä, “Altyn Asyryň” antennalarynyň signalyny sözüň doly manysynda gözlemeli bolýar.

“Köplenç halatda ýaşaýan jaýymdan çykyp, onuň töwereginde aýlanyp, signaly tutmaly. Ýa-da 500 metr uzaklykda ýerleşýän ”Altyn Asyryň” antennasynyň ýanyna baryp gürleşmeli bolýaryn. Ýogsamam, gürleşip bolmaýar” diýip, Aýmyrat aýtdy.

“Altyn Asyryň” soňky döwürlerde öz işinde käbir özgerişlikleri girizýändigine garamazdan, onuň häzirki ýagdaýynda MTS bilen näderejede bäsleşip biljekdigini, sany 1,5 miliona ýetýändigi aýdylýan müşderilerinden näçesini saklap biljekdigini wagt görkezer.

Şol bir wagtyň özünde-de MTS-iň mundan 18 aý öňki hyzmatyny dessine öňki bolşy ýaly hödürläp biljekdigi, onuň desgalarynyň näderejede sazlaşykly işläp, müşderilerini näderejede kanagatlandyryp biljekdigi barada hem bir zat aýtmak kyn.

Emma şeýle bäsleşigiň başlanmagy mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanyjy türkmenistanlylaryň bähbidine bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG