Sepleriň elýeterliligi

Türkmen köppartiýalylygy halkara metbugatynda


“Roýter” Türkmenistanda ikinji syýasy partiýanyň döredilmegini Berdimuhamedowyň ýurdy bir özüniň dolandyrmagyna täsir ýetirip bilmejek hereket hökmünde häsiýetlendirýär.

“Roýter” Türkmenistanda ikinji syýasy partiýanyň döredilmegini Berdimuhamedowyň ýurdy bir özüniň dolandyrmagyna täsir ýetirip bilmejek hereket hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistanyň postsowet giňişliginde bir partiýaly ýeke-täk döwlet bolmagynyň soňuna çykyldy diýip, Orsýetiň “Wzglýad” gazeti Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi barada çap eden maglumatynda ýazýar.

“Frans Press” agentligi “Sowet Soýuzynyň Kommunistik Partiýasynyň Türkmenistandaky öňki bölümi Demokratik partiýanyň awtoritar Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda rugsat edilen ýeke-täk partiýa bolanlygyny belleýär. Syýasy partiýalaryň döredilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulýan hem bolsa, bu mümkinçiligiň ýurtda şu çaka çenli ulanylmanlygy hem maglumatda bellenýär.

“Roýter” agentliginiň maglumatynda, Türkmenistanda ikinji syýasy partiýanyň döredilmeginiň demokratiýa tarap eglişik bolsa-da, üzňelikde galýan gaza baý bu Merkezi Aziýa döwletinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy bir özüniň dolandyrmagyna täsir ýetirip bilmejek hereket hökmünde häsiýetlendirilýär.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dabaraly ýagdaýda döredilmeginiň prezidentiň köppartiýaly syýasy sistemany döretmek barada beren wadasyndan iki ýyl geçesoň bolan wakadygyny “Roýter” belleýär.

21-nji awgustda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny esaslandyrmak boýunça guramaçy komitetiň 2012-nji ýylyň aprel aýynda döredilendigini we şol döwürden bäri birnäçe aýlap guramaçylyk we propaganda işleriniň alnyp barlanlygyny Orsýetiň “Ros Biznes Consulting” agentligi belleýär.

Halkara habar serişdeleriniň maglumatlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda “Syýasy partiýalar hakynda” kabul edilen kanunda “diňe Türkmenistanyň giňişliginde ýerleşýän partiýalaryň hasaba alynmagyna rugsat berilýänligi bellenýär. Munuň bilen ýurduň daşynda hereket edýän oppozision hereketleriň Türkmenistanda hasaba alynmak mümkinçiliginiň ortadan aýrylýanlygyny “Deutsche Welle” ýazýar.

Uzak wagtlap Türkmenistanda ýeke-täk syýasy partiýa bolan Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine ýurdy üzňeleşdirmegi we oppozisiýa çydamsyzlygy bilen özüni tanadan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň geçenligini “Frans Press” agentligi ýazýar.

“Frans Press” agentliginiň maglumatynda Berdimuhamedow käbir reformalary geçirýän hem bolsa, onuň tankytçylary ýurduň henize çenli örän awtoritar bolup galýanlygyny, prezidentiň bolsa öz şahsyýet kultuny pugtalandyrýanlygyny aýdýarlar diýip bellenýär we şu ýylyň ýanwar aýynda bolan saýlawlarda Berdimuhamedowyň 97% ses bilen gaýtadan prezident saýlananlygy ýatladylýar.

Şeýle-de “Frans Press” agentligi öz resmi çeşmesine salgylanyp, şu ýylyň aýagyna çenli Türkmenistanda ýene bir partiýanyň dörediljegini habar berýär. Maglumatda bu partiýanyň “Daýhanlar partiýasy” boljakdygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG