Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Badagşan oblastynyň merkezinde müňlerçe adam proteste çykdy


Çarşenbe güni Täjigistanyň Badagşan oblastynyň merkezi şäheri bolan Korug şäherinde ozalky täsirli meýdan komandirlerinden biri Imomnazar Imomnazarowyň öldürilmegine protest bildirip, müňlerçe adam demonstrasiýa geçirdi.

Imomnazar Imomnazarow 1990-njy ýyllarda oppozision meýdan komandiri hökmünde hökümete garşy göreş alyp barypdy. Soňky günler ýurduň häkimiýetleri ony bu regionyň milli howpsuzlyk bölüminiň başlygynyň ölümine dahyllylykda aýyplap, onuň gözlegine çykypdylar.

Maglumatda Imomnazar Imomnazarowyň Badagşandaky öz öýünde atylyp öldürilendigi aýdylýar. Emma onuň nähili ýagdaýda ölendigi barada anyk maglumat alynmady.

Regionyň Korug şäherinde geçirilen çarşenbe günki demonstrasiýada ýerli protestçileriň şäher administrasiýasynyň binasyna daş zyňyp, öz gahar-gazaplaryny bildirendikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG