Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň hökümeti oppozisiýanyň beýanatyny ret edýär


Çarşenbe güni Gürjüstanyň hökümeti “Gürji umydy” atly oppozision koalisiýanyň düzümine girýän partiýalaryň hasaplaryndaky pullary döwletiň hasabyna geçirendigi baradaky bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

Gürjüstanyň hökümeti Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň ýörite wekilleriniň bu mesele boýunça ýaýradan ýazgaryjy beýanatynyň “ýalňyş garaýyş” döredendigini öňe sürýär.

Şu geçen şenbe güni Gürjüstanyň “Gürji umydy” atly oppozision koalisiýasy bu koalisiýanyň düzümine girýän alty sany partiýanyň bank hasaplarynyň we saýlaw kampaniýasy üçin berlen kömek pullarynyň hökümet tarapyndan eýelenendigi barada ýörite beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG