Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen oppozisiýasy ikinji partiýa nähili garaýar?


Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy, 21-nji awgust, Aşgabat.
Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy, 21-nji awgust, Aşgabat.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ilkinji gezek ikinji syýasy partiýanyň döredilmegine ýurduň daşynda we içinde hereket edýän syýasy oppozisiýa nähili garaýar we bu syýasy wakadan nämä garaşýar?

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow:

Halmyrat Söýünow
Halmyrat Söýünow
“Ikinji partiýanyň döredilmegi syýasy waka. Telekeçileriň partiýasynyň döredilmegi bu gowy zat, sebäbi dünýäde hemme zat telekeçilik bilen baglanyşykly, ösüş, adamlaryň maddy- materail ýagdaýy, durmuş şertleri telekeçilik bilen baglanyşykly. Bu bir tarapdan gowy, formal taýdan döredilen bolsa-da, ony gutlamak gerek.

Ýöne telekeçileriň partiýasy döwletiň ösüşine ýa milletiň durmuşyna pozitiw täsir ýetirermi, men bu barada oňaýly bir zat aýdyp biljek däl, sebäbi Türkmenistandaky kada-kanunlar telekeçiligiň hem peýdasyna işlänok, ynsan hukuklarynyň hem peýdasyna işlänok, diýmek, bu ýerde-de hökman hökümetden ýa döwletden tabynlykda çözülmeli bolar telekeçileriň hem kabul etjek kararlary.

Olar özbaşdak kararlar däl-de, biriniň ýokardan goýberen kararlary esasynda hereket etmeli bolarlar. Ine, şu mesele-de negatiw tarapy partiýanyň. Halkyň öz erk-islegi bilen döretjek partiýalary hem bardyr, taýýar oturan partiýalar bar: Sazak mugallymyň partiýasy bar, Durdyguly aga bar Nebitdagdan, “Agzybirlik” bar, näme üçin şular registrasiýa edilenok. Eger şular registrasiýa edilen bolsa bilelkde telekeçiler bilen, onda men aýdyp bilerdim ýurtda pozitiw tarapa tendensiýa bar diýip”.

Türkmenistanda resmi hasaba alynmadyk “Agzybirlik” syýasy hereketiň agzasy, Aşgabatda ýaşaýan aktiwist Nurberdi Nurmämmedow:

Nurberdi Nurmämmedow
Nurberdi Nurmämmedow
“Türkmenistanda ikinji syýasy partiýanyň döredilmegi goldanmaly zat. Ýöne döwlet ýolbaşçysynyň gözkezmesi bilen döredilýän partiýanyň özbaşdak hereket etjegine ynam etmek kynrak düşýär. Onsoň täze partiýanyň jemgyýetiň diňe bir gatlagynyň, ýagny senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasy bolmagy geň galdyrýar.

Türkmenistanyň syýasy partiýalar hakyndaky kanunynyň 8-nji maddasynyň 2-nji punktunda syýasy partiýalaryň sebitler we hünär ýörelgeleri boýunça döredilmegine ýol berilmeýänligi aýdylýar. Mümkin, bu düzedilmesi kyn bolmadyk goýberilen bir säwlikdir, ony düzetmek hem bolar. Men täze dörän partiýa jemyýetimiziň hem döwletimiziň demokratik ösüşlere eýe bolmagyna etjek ýardamynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin”.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Watan” atly jemgyýetçilik-syýasy hereketiň ýolbaşçysy, türkmen hökümetiniň öňki ýokary derejeli agzasy Hudaýberdi Orazow:

Hudayberdi Orazow (çepde) we Nurmuhammet Hanamow (sagda)
Hudayberdi Orazow (çepde) we Nurmuhammet Hanamow (sagda)
“Hiç hili gowulyga garaşamok. Hiç hili rol oýnap bilmez. Ýene-de häzirki bolşy ýaly “Demokratik partiýa” aýdanlaryny edýän bolsa, bir partiýa döretsinler, iki partiýa döretsinler, olaram häzirkisi ýaly ýokardakylaryň aýdanlary bilen bolarlar. Başga hiç zada garaşyp bolmaýar.

Häzirki döwürde gözboýagçylyk eden bolýarlar, hemmetaraplaýyn, partiýa gurluşygynda däl-de, bärki işlerde-de şeýle gözboýagçylyk bar. Halkara guramalaryna, demokratik ýurtlara aýtmak üçin “ine, bizem şeýle işler geçirýäris” diýip.Ýöne ol ýerde ösüşe, halka hiç hili peýda ýok. Bu hakyky partiýa gurluşygy-da däl, hakyky partiýa döredilşi-de däl”.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Respublikan Partiýasynyň” ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamow:

“Türkmenistanda ikinji partiýanyň döredilmegi oýun ýaly. Bu ýene ikinji partiýa diýer ýaly däl. Sebäbi birinjiden, ol syýasatçylaryň öz islegi bilen döredilenok. Ony ýene Berdimuhamedow döretmeli diýdi, nähili partiýanyň döredilmegini özümiz görkezme bereris diýdi. Göni açyk aýdýar bu zatlary. Diýmek, bu partiýanyň bolany bilen, iki partiýa boldumy, bir partiýa boldumy – Türkmenistanda hiç bir zada täsir etjek däl.

Ýöne, başga bir zat, Türkiýäniň taryhyny alyp görsek, Atatürk döwründe ilkibaşda ol ýerde-de bir partiýady, soň ikinji partiýany döretdiler, näme-de bolsa, soňuna serediň, görüň, şu gün Türkiýede köppartiýalylyk. Demokratiýa saýlawlaryny alyp görsegem, başga hemme taraplaýyn hem, köppartiýalylygyň täsiri görnüp duran zat”.
XS
SM
MD
LG