Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky wakalar Liwana-da “ýaň salýar”


Liwanyň Tripoli şäherindäki çaknyşyklardan soňky görnüş. Tripoli, 22-nji awgust, 2012.

Liwanyň Tripoli şäherindäki çaknyşyklardan soňky görnüş. Tripoli, 22-nji awgust, 2012.

Soňky iki günüň dowamynda Siriýadaky konfliktler bilen baglanyşykly goňşy Liwanda-da azyndan 10 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Maglumata görä, Liwanyň Tripoli şäherinde ýüz beren bu çaknyşyklar ýerli alawitler topary bilen sünni musulmanlarynyň wekilleriniň arasynda ýüze çykypdyr. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň maşgalasy-da musulmanlaryň alawitler toparyndan hasaplanylýar.

Habar agentlikleriniň çarşenbe güni ýaýradan maglumatynda şu hepdäniň başyndan bäri şu Tripoli şäheriniň sünni kwartaly bolan Bab al-Tabbaneh kwartaly bilen alawitleriň ýaşaýan Jebel Mohsen kwartalynyň arasyndaky çaknyşyklarda 100-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Synçylar Liwanyň territoriýasynda ýüze çykan bu çaknyşyklara Siriýadaky konfliktleriň özboluşly şöhlelenmesi hökmünde baha berýärler. Çünki, Siriýada-da çaknyşyklar esasan sünni oppozisiýasy bilen Başar al-Assadyň alawitler toparynyň arasynda barýar.

Mundan daşary, bu soňky wakalar Siriýadaky uruşlaryň regional derejedäki tire-taýpa urşuna ýazmak howpunyň-da bardygyny görkezdi.

Musulmanlaryň alawitler topary mundan müň ýyla golaý ozal Yslam dininiň şaýy mezhebinden bölünip aýrylan özbaşdak bir topar hasaplanylýar. Soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda alawitler, aglaba, Siriýanyň esasy port şäheri bolan Latakýa şäheriniň töwereklerindäki daglyk regionda agdyklyk ediji dini taýpa öwrülen.

Liwandaky çaknyşyklaryň fonunda çarşenbe güni oppozision aktiwistler Siriýanyň öz içinde-de, Damask şäherinde hökümet güýçleriniň hüjümlerinde ýaragly söweşijilerden azyndan 11-siniň ölendigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG