Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň eteginde 200 kilogram owgan geroini ele salyndy


Penşenbe güni Orsýetiň neşelere gözegçilik ediji Federal Gullugy Owganystandan Moskwa oblastyna getirilen 200 kilogramdan gowrak geroiniň ele salnandygyny habar berdi.

Bu Federal Gullugyň başlygy Wasiliý Ýurçenko bu wakada Täjigistanyň paýtagty Duşenbeden Moskwa gelýän otlunyň üstünde uly möçberde geroiniň bardygy barada özlerine maglumat gelip gowşandygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, neşe maddasyny ele salmak boýunça geçirilen operasiýanyň netijesinde Orsýete geroin daşaýan täjigistanly bir jenaýatçy toparyň-da üsti açylypdyr.

Wasiliý Ýurçenko bu ele salnan neşe maddasynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda Orsýetde ele salnan iň uly möçberdäki neşe maddasydygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG