Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: hökümet maslahatynda ýerli saýlawlaryň jemi jemlendi


Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda 20-nji awgustda ýerli geňeşlere geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi. Bu maslahatda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy O.Nyýazlyýew ýörite hasabat bilen çykyş etdi.

Onuň maglumatyna görä, bu gezek şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde we geňeşliklerde geçirilen ýerli geňeş saýlawlary üçin tutuş ýurt boýunça 1 müň 779 sany saýlaw uçastogy döredilipdir.

O.Nyýazlyýew ýerli geňeşlere deputatlyk ugrunda dalaş eden 12 müň 309 kandidatdan 6 müň 99-synyň resmi ýagdaýda deputat saýlanandygyny mälim etdi.

Resmi maglumatda ýerli geňeşlere geçirilen bu saýlawlara ses berijileriň örän aktiw gatnaşandyklary we tutuş ýurt boýunça gatnaşygyň 89.91 prosent bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG