Sepleriň elýeterliligi

Tähran diplomatik keşbini üýtgetmäge synanyşýar


Goşulyşmazlyk hereketiniň Tährandaky geçjek sammitiniň banneri. 22-nji awgust, 2012 ý.

Goşulyşmazlyk hereketiniň Tährandaky geçjek sammitiniň banneri. 22-nji awgust, 2012 ý.

Şu hepde Eýranda Goşulyşmazlyk hereketiniň (NAM) sammiti geçirilýär. Oňa 7 müňe gowrak daşary ýurtly wekiliň we myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Eýran Goşulyşmazlyk hereketiniň (NAM) 5 günlik sammitini geçirmek bilen, özüniň soňky 10 ýyllyk taryhyndaky iň uly syýasy çäräni gurnamak bilen çäklenmän, eýsem ol özüniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyrakladylan bir döwlet keşbini aradan aýyrmagy maksat edinýär.

“Halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylygy gazanmak” şygary astynda 26-31-nji awgust aralygynda geçjek bu sammite, 40-dan gowrak döwlet baştutanynyň we ýüzlerçe ýokary derejeli hökümet wekiliniň gelmegine garaşylýar.

Goşulyşmazlyk hereketi sowuk urşy döwründe esaslandyrylypdy. Onuň düzümine giren döwletler haýsy hem bolsa bir syýasy bloguň düzümine girmän, garaşsyz durmagy maksat edinipdiler. Häzir bu guramanyň 120 agazasy bar.

Eýran Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitini geçirmek bilen, bir tarapdan özüniň diplomatiki keşbini gowulandyrmagy maksat edinýän bolsa, beýleki bir tarapdan Tähran özüniň dawaly ýadro programmasy sebäpli, Günbataryň görkezýän basyşyna garşy durmak üçin özüne ýaranlary edinjek bolýar.

Eýran sammitiň taýýarlyk işlerine diýseň çynlakaý çemeleşýär. Tähranyň köçeleri düýpli arassalanyp, sammitiň geçjek günleri ýaşaýjylara hat-da bäş günlik dynç alyş hem berildi.

Sammite geljek ýokary derejeli wekilleriň sanawy eýýäm belli. Emma, oňa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýaly syýasy läheňleriň gelip-gelmeji entek anyk belli däl. Emma, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň eýýäm gelmejegi öňünden mälim edildi.

Penşenbe güni Phenýang Tährandaky sammite ýurduň baştutany Kim Jong-unyň ýerine hökümetiň beýleki ýokary derejeli agzasynyň ugradyljakdygyny aýan etdi.

Tähranyň "ýeňişleri"

Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitine Müsüriň prezidenti Muhammet Mursiniň hem geljekdigi barada maglumat bar. Bu eýýäm Tähran tarapyndan uly ýeňiş hökmünde häsiýetlendirildi.

Tährandaky sammitiň dowamynda, Goşulyşmazlyk hereketiniň geçiji başlyklygy Müsürden Eýrana geçer. Tähran Muhammet Mursä çakylygy gowşurmak üçin, ýurduň wise prezidentini ýörite Müsüre ýollapdy.

Eger-de Mursi dogurdan hem sammite gatnaşsa, onda ol Eýranyň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soň, Tährana sapar eden Müsüriň ilkinji lideri bolar.

Eýran sammite BMG-niň Baş sekratary Ban Ki-munyň hem gatnaşmagyny özüniň beýleki bir ýeňşi hökmünde häsiýetlendirýär. Ysraýyl Ban Ki-mundan bu sammite gatnaşmazlygyny haýyş edipdi. Ýewreý döwletiniň bellemegine görä, BMG-niň Baş sekretarynyň bu sammite gatnaşmagy Eýranyň režimini ykrak etmegi bolar.

ABŞ hem Ban Ki-munyň Tährandaky sammite barmagynyň “gowulygyň alamaty” bolmajakdygyny duýdurdy.

Edilen tankytlara garamazdan 22-nji awgustda Banyň metbugat wekili Martin Nesirkiý BMG-niň Baş sekretarynyň sammite gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Nesirkiýiň sözlerine görä, Ban bu saparyň “ynjyk boljakdygyna” düşünýär. Emma, BMG-niň Baş sekretary hökmünde onuň Goşulyşmazlyk hereketi we Eýran boýunça berjaý etmeli wezipe ygtyýarlyklarynyň bardygyny hem Banyň metbugat wekili sözüne goşdy.

Nesirkiý: “Bildirilýän aladalara garamazdan, onuň sapary ýerlikli we wajypdyr. Gürrüňi gidýän aladalardan BMG hem habarly. Baş sekretar ol ýerde halkara jemgyýetçiliginiň adyndan çykyş edip, Goşulyşmazlyk hereketine we Eýranyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, halkara jemgyýetçiliginiň Tährandan nämelere garaşýandygyny nygtap biler” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland çykyş edip, Tährandaky sammite gatnaşýanlar, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem Eýranyň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde borçnamalarynyň bardygyny Tährana “berk bir görnüşde” belli etjekdiklerine ABŞ-nyň umyt edýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG