Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlarda “Günbatar nil wirusy” alada döredýär


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Saglyk departamentiniň resmileri soňky bir hepdäniň dowamynda bu ýurtda “Günbatar nil wirusy” diýlip atlandyrylýan howply wirus bilen kesellänleriň sanynyň 60 prosentden hem gowrak artandygyny mälim etdiler.

Saglyk resmileri bu görkezijiniň ýurduň taryhynda bu keseliň ýaýramagynyň iň ýokary görkezijisidigini aýdýarlar.

Maglumata görä, şu ýylyň başyndan bäri ABŞ-da bu wirusdan ölenleriň sany 41-e ýetipdir. Şolardan 26-siniň soňky bir hepdäniň dowamynda ölendikleri aýdylýar. Bu wirusyň häzirki wagt Birleşen Ştatlaryň 47 ştatynda ýüze çykarylandygy habar berilýär.

Ýakynda Orsýetiň habar çeşmeleri-de ýurduň Wolgograd oblastynda şu wirusdan iki adamyň ölendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG