Penşenbe güni Ýewropada stalinizmiň we nasizmiň pidalarynyň ýatlama güni bellenilip geçilýär. Ýewropa Parlamenti her ýylyň 23-nji awgustyny şeýle ýatlama güni hökmünde belläp geçmek barada 2008-nji ýylda ýörite rezolýusiýa kabul edipdi.
Bu günüň bellenilmegi üçin 23-nji awgustyň saýlanyp alynmagy bolsa 1939-njy ýylyň 23-nji awgustynda şol wagtky Sowet Soýuzy bilen nasistik Germaniýanyň “Molotow-Ribbentrop” ylalaşygyny baglaşan güni bilen baglanyşykly.
Şol gizlin ylalaşygyň esasynda Ýewropa bu iki döwletiň täsir ediş sferasyna bölünipdi.
Ýewropa Parlamentiniň bu barada kabul eden rezolýusiýasynda stalinizmiň we nasizmiň amala aşyran jenaýatçylyklarynyň uruş jenaýatçylygynyň we adamzada garşy edilen jenaýatçylygyň kategoriýasyna degişlidigi nygtalýar.