Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abdylla Gül saglyk ýagdaýy sebäpli Bişkekden yzyna dolandy


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň döwlet telewideniýesi Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň öz saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy sebäpli, Bişkekden gyssagly yzyna dolanmaly bolandygyny habar berdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Abdylla Gülüň dümewländigini aýdýar. Abdylla Gül türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Bişkege barypdy.

Bu sammite Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyň premýer-ministri gatnaşýar. Oňa Türkmenistandan-da resmileriň synçy wekiller hökmünde gatnaşýandyklary habar berilýär.

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi 2009-njy ýylda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň gatnaşmagynda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG