Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-daky saýlaw kampaniýasy rekord goýjaga meňzeýär


ABŞ-da 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin alnyp barylýan kampaniýalar 2.5 milliard dollardan hem gowrak çykdaja durar diýlip garaşylýar.
ABŞ-da 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin alnyp barylýan kampaniýalar 2.5 milliard dollardan hem gowrak çykdaja durar diýlip garaşylýar.
Birleşen Ştatlardaky syýasy kampaniýalarda maliýe serişdeleri hemişe möhüm rol oýnap gelýär. Emma bu ýylky planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlarynda pully mesele has-da möhüm rola eýe boldy.

Respublikan partiýadan Mitt Romneý bilen Demokratik partiýadan Barak Obamanyň 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin alyp barýan kampaniýalary 2.5 milliard dollardan hem gowrak çykdaja durar diýlip garaşylýar.

Respublikan partiýadan kandidat Mitt Romneý Iowa ştatynyň Bettendorf şäherinde çykyş edýär. 22-nji awgust, 2012.
Respublikan partiýadan kandidat Mitt Romneý Iowa ştatynyň Bettendorf şäherinde çykyş edýär. 22-nji awgust, 2012.
Bu sanlary dalaşgärleriň serişde toplamak we sarp etmek işlerine gözegçilik ediji “Centre for responsive politics” atly edara getirýär.

Bu gürrüňi edilýän serişde 2008-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda rekord görkeziji diýlip hasaplanan 1.7 milliard dollardan hem 800 million dollar köpdür. 2008-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasynda sarp edilen serişdeler ilkinji gezek 1 milliard dollarlyk sepgitden geçen diýlip yglan edilipdi.

Ýakynda, iýul aýynda-da saýlaw kampaniýasyna serişde toplamakda Mitt Romneý Barak Obamadan has öňde diýlip hasaplanylýardy. Ýöne soňky geçirilen köpsanly pikir soraýyşlyklar Barak Obamanyň has uly goldawdan peýdalanýandygyny görkezýär.

Edil häzirki wagt Obamanyň toplan serişdesi Romneýiň toplan serişdesinden ep-esli köp. Emma käbir synçylar saýlaw kampaniýasynyň soňky möhüm tapgyrlaryndan Mitt Romneýiň serişdesini ur-tut artdyrmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Alada döredýän taraplary

2010-nji ýyldan öň aýry-aýry şahsyýetleriň saýlaw kampaniýasy üçin berýän pul serişdeleriniň möçberi 2.5 müň dollar bilen çäklendirilýärdi. Ýöne 2010-njy ýylda ABŞ-nyň Ýokary Sudunyň karary bilen bu çäklendirme we käbir beýleki çäklendirmeler aradan aýryldy.

Netijede, Romneýi we Obamany goldaýan baý donorlaryň bu dalaşgärlere berýän maliýe serişdeleriniň möçberi-de görnetin artdy.

Demokratik partiýadan kandidat Barak Obama Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde çykyş edýär. 22-nji awgust, 2012.
Demokratik partiýadan kandidat Barak Obama Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde çykyş edýär. 22-nji awgust, 2012.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buş üçin prezidentlik kampaniýasyny alyp baran media kampaniýaçy Mark MkKinnon saýlaw kampaniýasyna sarp edilýän çakdanaşa uly serişdeleriň saýlawlaryň düýp manysyna öz negatiw täsirini ýetirýändigini aýdýar.

“Häzirki wagt islendik adam we islendik bähbide eýeriji topar saýlaw kampaniýasy üçin çäksiz möçberde pul berip bilýär. Köplenç bu pullar gizlin we anonim ýagdaýda berilýär. Şeýlelikde, Amerikanyň syýasatyndaky bu ýagdaý indi saýlaw kampaniýalarynyň şahsyýetleriň arasyndaky kampaniýa däl-de, aýry-aýry bähbitleriň arasyndaky kampaniýa öwrülip ýörendigini görkezýär” diýip, media kampaniýaçy Mark MkKinnon belleýär.

Beýleki tarapdan, adaty amerikalylar hem saýlaw kampaniýalary üçin uly çykdajylaryň edilmegini goldamaýarlar. 2008-nji ýylda geçirilen pikir soraýyşlykda amerikalylaryň 70 prosenti prezidentlik saýlaw kampaniýasyna harç edilýän çykdajylara çakdanaşa uly çykdajy hökmünde baha beripdi.
XS
SM
MD
LG