Sepleriň elýeterliligi

Giriş synaglary: wideokameralar näderejede peýdaly boldy?


Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul edilýär.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 5766 adam kabul edilýär.

Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary tamamlandy. Indi ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen abituriýentleriň ählisi degişli resminamalary ellerine alarlar.

Şu ýylky geçirilen giriş ekzamenleriniň öňkülerden tapawutly aýratynlygy – bu ýyl ekzamen tabşyrylýan ýerlerde wideokameralaryň goýulmagydyr. Wideokameralaryň hatda käbir orta hünärment mekdeplerine giriş ekzamenleri geçirilen otaglarda hem goýlandygy-da habar berilýär.

Ähli ýokary okuw jaýlarynda wideokameralaryň goýlandygy hem-de ähli ýokary okuw jaýlarynda ekzamenleriň geçirilişiniň wideoýazga alnandygy barada 16-njy awgustda geçen hökümet maslahatynda hem habar berlipdi. Emma giriş ekzamenlerine gatnaşan abituriýentleriň hem-de olaryň ene-atalarynyň aýtmaklaryna görä, wideokameralar ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde goýulmandyr.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda ýokary okuw jaýlarynyň käbirinde wideoýazgy arkaly giriş ekzamenlerine tomaşa etmäge mümkinçilik bardy. Emma bu mümkinçilik soň ýatyryldy. Ýogsam, giriş ekzamenleriň göni wideoýazgylary ekzamenleriň belli bir derejede adalatly geçmegine ýardam edip biljek ýagdaýdygy aýdylýar.

Synaglaryň adalatly geçirilmeginde wideokameralaryň möhüm rol oýnaýandygy baradaky pikir bilen aşgabatly 47 ýaşly Amangül hem ylalaşýar. Onuň gyzy şu ýyl, 6-njy gezekki synanşygyndan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip bilipdir.

“Meniň gyzymyň ekzamenden üstünlikli geçmeginde wideokameranyň goýulmagy hem öz täsirini ýetirdi. Gyzym birinji ekzameni tabşyranda wideokamera ýokdy. Ikinji ekzamende bolsa goýlupdy. Ýogsam, gyzym her ýyl ikinji ýa-da üçünji ekzamende ýykylýardy” diýip, Amangül Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Düzgün bozmalar

16-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideokameralaryň kömegi bilen giriş ekzamenleriniň barşynda käbir düzgüni bozmalaryň ýüze çykarylandygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň degişli orunbasarlaryna we bilim ministrine bu ugurdan ýörite topar döredip, giriş ekzamenleriniň netijelerini seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şol maslahatdan soň ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenlerine gatnaşan käbir mugallymlaryň jenaýat işine çekilendigi barada doly tassyklanmadyk maglumatlar boldy. Mysal üçin, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde giriş ekzamenlerini kabul eden iki sany mugallymyň tutulandygy barada aýdylýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde işleýän, adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir mugalymyň aýtmagyna görä, agzalýan iki mugallymyň jenaýat işine çekilendigi barada uniwersitetiň personalyna habar berilmändir.

“Diňe olaryň işden boşadylýandygy barada habar berildi. Näme üçin boşadylýandygy barada habar bermediler. Ýöne, muňa garamazdan, olaryň giriş ekzamenlerinde para almakda aýyplanyp jenaýat işine çekilendigini her kim bilýär” diýip, Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy aýdýar.

Korrupsiýa

Ençeme raýatlaryň aýtmaklaryna görä, şu ýylky geçen giriş ekzamenleri öňkülere garanyňda has adalatly bolupdyr. Ýöne, muňa garamazdan, giriş ekzamenlerinden para berip geçenleriň hem az bolmandygy aýdylýar.

“Para talap etmek düzgüni entägem saklanyp gelýär. Wideokamera goýanyň bilen para alýanlary seljermek kyn. Sebäbi para ekzamenler döwründe berilmeýär. Giriş ekzamenleriniň birnäçe aý öňünden eýýäm paranyň möçberi barada ylalşylýar” diýip, aşgabatly 45 ýaşly Annaguly aýdýar.

16-njy awgustda geçen hökümet maslahatynda wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa berk käýinç yglan edildi.

Bu hili käýinçler her ýyl diýen ýaly yglan edilýär. Emma ýurduň raýatlarynyň ýokary okuw jaýlaryndaky saklanyp galýan parahorluk barada habar berýän maglumatlaryndan çen tutsaň, entäk ol käýinçleriň peýdasy az ýaly görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG