Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: amerikan uçarlarynyň hüjümlerinde 16 adam öldi


Anna güni Pakistanyň resmileri üsti pilotsyz amerikan uçarlarynyň geçiren üç sany howa hüjüminde ýaragly söweşijiler diýlip güman edilýän 16 adamyň öldürilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu hüjümler Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Demirgazyk Weziristan regionynda geçirilipdir.

Bu wakadan bir gün öň Pakistanyň hökümeti şeýle hüjümleri “bikanun” diýip atlandyryp, muňa protest bildirmek üçin amerikan diplomatyny ýörite gürrüňe çagyrypdy.

Öz gezeginde amerikan resmileri bu hüjümleriň anti-amerikan meýilli ýaragly söweşijilere garşy göreşde möhüm gural bolup hyzmat edýändigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG