Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa: Anders Breýwik 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Anna güni Norwegiýanyň sudy 77 adamyň ölüminde öz günäsini boýun alýan Anders Breýwigi psihiki taýdan sagdyn hasaplap, ony 21 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu möhlet Norwegiýanyň kanunçylygyna görä berilýän iň uzak tussaglyk möhletidir. Ýöne tussaglyga höküm edilen şahsyýet jemgyýet üçin howply hasaplanan halatynda, sud bu möhleti uzaldybam bilýär.

Norwegiýanyň sudy 33 ýaşly Anders Breýwigi 2011-nji ýylyň iýulynda Oslo şäherinde partlama amala aşyryp, ilki 8 adamy, şol günüň ikinji ýarymynda-da Utoýa adasynda ýaragly hüjüm edip, 69 adamy öldürenlikde günäli tapdy.

Anders Breýwigiň özi özüniň bu hüjümini ýurduň dolandyryjy Zähmet partiýasynyň musulmanlaryň immigrasiýasyny goldap alyp barýan syýasatyna garşy gören protest çäresi hökmünde düşündirýär.
XS
SM
MD
LG