Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidentine Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni gowşuryldy


Türkmenistana sapar edýän Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon penşenbe güni Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.

Bu barada prezident Berdimuhamedowyň gol çeken permanynda oňa bu döwlet ordeniniň “iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň ösüşine hem-de dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmeklige goşan saldamly goşandy üçin” berilýändigi aýdylýar.

Özüniň iki günlük saparynyň barşynda penşenbe güni prezident Emomali Rahmon Gypjak obasyndaky “Türkmenbaşy” metjidine we Saparmyrat Nyýazowyň maşgala mawzoleýine-de sapar edip, bu mawzoleýe gül desselerini goýdy.
XS
SM
MD
LG