Sepleriň elýeterliligi

Şol öňki düzgün


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat


Çekdik melamatyň çydar ýalysyn,
Berdik ogullaryň çynar ýalysyn.
Düşedik, gör, kimiň daban astyna
Törden asylmaly türkmen halysyn.

Enelermiz, uýalarmyz, gyzlarmyz
Gyra-gyra gözleriniň köküni,
Ýarygije süýnüp, daňdan dikelip,
Çekdi ejiz egniň agyr ýüküni.

“Barýan!” diýse, ýurt eýesi hojaýyn,
Çäge, toýun diýmän, batgalyk diýmän,
Haly düşäp, üstündenem gül seçip,
Bir owurt suw içmän, döwüm nan iýmän,

Sakal sallap, jäjekli don atynyp,
Ýaşulular gol gowşuryp epiler.
Juwan nesil alsyn diýip görelde,
Hojaýynyň ellerinden öpüler.

Türkana janymyz, sada janymyz –
Gaýtalanmaz öýtdük bu nogsan gaýdyp.
Şükür edip, uludan bir dem aldyk,
Bu masgara ýagdaý geçendir öýdüp.

Arman, ýene çöp-çalamyň üstünde
Ýatyr halyçylaň gözüniň ýagy...
Gynansagam, ýene şol öňki düzgün:
Ýokarda mes gülki, aşakda agy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG