Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Breýwik türme tussaglygyna höküm edildi


Breýwik sudda bu hüjümleriň ikisini-de özüniň amala aşyrandygyny boýun aldy, 24-nji awgust.
Breýwik sudda bu hüjümleriň ikisini-de özüniň amala aşyrandygyny boýun aldy, 24-nji awgust.
Norwegiýanyň sudy öten ýyl 77 adamyň ganyna galan we günäsini boýun alan ganhor Anders Behring Breýwigi ruhy taýdan sagat diýip, 21 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Anna güni Oslonyň etrap sudunyň 5 sudýasy 33 ýaşly Breýwik ruhy taýdan türmä ýarawly diýip, biragyzdan tassykladylar. Ýöne geljekde onuň jemgyýete howply bolup biljekdigi kesgitlense, bu hökümiň möhletini uzaldyp bolýar.

Breýwik 2011-nji ýylyň iýul aýynda ilki Osloda hökümetiň baş karargähiniň daşynda bomba partladyp, 8 adamy, soňra hem häkimiýet başyndaky partiýanyň ýaşlar üçin gurlan tomus lagerinde 69 adamy atyp öldürdi. Olaryň aglabasy ýetginjeklerdi.

Breýwik sudda bu hüjümleriň ikisini-de özüniň amala aşyrandygyny boýun aldy.

Bu hüjümler Norwegiýada Ikinji jahan urşundan soň bolan iň aýylganç waka hasaplanýar.

Sud prosesinde Breýwik özüniň munça adamy öldürmegini aklamga synanyşyp, häkimiýet başyndaky orta-çepçi Leýboristik partiýany musulmanlary Norwegiýa gelmäge höweslendirmek bilen, ýurdy we onuň mirasyny bilgeşleýin dargatmakda aýyplady. Ol sud diňlenişiginde: "Men öz eden işimi boýun alýaryn. Bu işi häzirem, ýene-de ederin" diýdi.

Anna güni sudýa Wençe Elizabet Arntzen märekeden doly sud zalynda hökümi okanynda Breýwigiň ýüzünde hoşallyk alamatlary peýda boldy.

Garalawçylar öz akylyna däl diýen höküm çykarylyp, onuň näbelli möhlet bilen psihiatrik keselhana gabalmagyny soradylar. Breýwigiň özi "ruhy taýdan sagat" diýen hökümi talap etdi. Ol amala aşyran hüjümini köp medeniýetlilige garşy syýasy beýýannama diýip düşünilmegi üçin edendigini aýtdy. Breýwik ozal öz üstünden "däli" diýip höküm çykarylan halatynda şikaýat suduna ýüz tutjakdygyny aýdypdy.

Pida çekenleriň aglabasynyň garyndaşlary hem özleriniň "ruhy taýdan näsag" diýen höküme garşydyklaryny bildiripdiler. Olar muny "bu iş Breýwigiň jogapkärçiligini çäklendirip, uzaga çeken ikinji sud prosesine getirer" diýip delillendirdiler.

Sud tarapyndan bellenen psihiatr toparlary Breýwigiň ruhy ýagdaýy barada gapma-garşylykly netijelere geldiler. Bir topar "ol öz akylyna" diýse, beýleki topar oňa "öz akylyna däl" diýdi.

Gyrgynçylykdan pida çekenleriň biriniň aklawçysy Frode Elgesem: "Ejir çeken maşgalalara ynjalyk getirdi" diýip, suduň anna günki kararyny gutlady.
XS
SM
MD
LG