Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Armstrong baýraklaryndan mahrum edilýär


Tigir sürmek boýunça halkara “Tour de France” ýaryşynyň ýedi gezek çempiony Lans Armstronga kanun boýunça gadagan edilen doping maddalaryny yzygiderli ulananmakda aýyplama bildirilýärdi.
Tigir sürmek boýunça halkara “Tour de France” ýaryşynyň ýedi gezek çempiony Lans Armstronga kanun boýunça gadagan edilen doping maddalaryny yzygiderli ulananmakda aýyplama bildirilýärdi.
Tigir sürmek boýunça tanymal amerikan sportsmeni Lans Armstrong, medallaryndan hem baýraklaryndan mahrum edilmegine garamazdan, 23-nji awgustda giçlik Birleşen Ştatlaryň doping problemasyna garşy çykýan agentliginiň neşe maddasyny ulanmak bilen baglanyşykly aýyplamalaryna garşy göreşmegini bes edýändigini yglan etdi.

Bu baradaky beýanatynda Armstrong özüne garşy gurnalan bu prosesi adalatsyz diýip atlandyryp, bu baradaky çekeleşikden çekilýändigini aýtdy. Ol indi öz ünsüni maşgalasyna hem rak keseline garşy iş alyp barýan fondlara gönükdirjekdigini aýtdy.

Tigir sürmek boýunça halkara “Tour de France” ýaryşynyň ýedi gezek çempiony Lans Armstronga kanun boýunça gadagan edilen doping maddalaryny yzygiderli ulananmakda aýyplama bildirilýärdi.

Ady belli sportçy, hepdäniň penşenbe bu aýyplamalara garşy çykyş etmäge özüne berlen möhlet dolansoň, bu beýanaty ýaýratdy. Lans Armstrongyň şahsy websaýtynda ýerleşdirilen bu beýanatda “Her adamyň durmuşynda “Besdir” diýmäge mejbur edýän pursat ýüze çykýandyr” diýen ýazgy peýda boldy. Ol: “Meniň üçin şeýle pursat edil häzir ýüze çykdy. Sebäbi meniň 1999-njy ýyldan bäri “Tour de France” ýaryşyny ýedi gezek aldaw ýollary bilen adalatsyz ýeňendigim aýdylyp, bu barada aýyplama bildirilýär” diýip ýazdy.

Birleşen Ştatlaryň doping problemasyna garşy göreş alyp baryjy agentligi Armstrongyň hemme baýraklarynyň elinden alynjakdygyny, oňa tigir sürmek bäsleşiklerine gatnaşmagyň gadagan ediljekdigini bildirdi. ABŞ-nyň dopinge garşy agentligi bütin dünýäde ýerine ýetiriljek jezany kimdir birine bermäge özüniň haklydygyny mälim etdi.

Bu guramanyň ýolbaşçysy Jon Faheý Armstrongyň özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalara garşy çykmakdan çekilmeginiň onuň günäsini boýun almagy hökmünde garalyp bilinjekdigini aýdýar.

Faheý sportsmene garşy tribunalda açyk diňlenişigiň geçirilmezligine özüniň lapynyň keç bolandygyny aýdýar. “Men hemme aýyplamalary, töhmet atmalary hem birnäçe ýyl dowam edýän gep-gürrüňleri açyk tribunalda diňlemek isleýärdim. Şonda, bu diňlenişigiň netijesine garamazdan, bütin dünýä nahili faktlaryň bolandygyny bilerdi” diýip, ol ABC Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ilkinji gezek däl

Tehas ştatyndan sport bilen meşgullanyp başlan Armstronga tutuş karýerasynyň dowamynda şular ýaly aýyplamalar bildirilip gelindi.

Armstrong 1990-njy ýyllaryň ortalarynda rak keselini başdan geçirensoň, yzly-yzyna sportda uly üstünlikleri gazanyp, köpler üçin gahryman boldy. 1996-njy ýylda spotsmende rak keseli anyklanýar. Bu keseliň metastazalarynyň onuň öýkenine hem beýnisine ýaýrandygy belli bolýar. Ol bu kesel bilen bagly operasiýany we soňra himiýa terapiýasyny şowly geçýär.

Soňra onuň rak keseli bilen kesellänlere köpçüligiň ünsüni çekmegi hem bu keseliň pidalaryna ýardam bermek üçin pul ýygnamagy Armstrongyň abraýyny göterip, meşhurlygyny artdyrdy.

Lans Armstrong 1999-njy ýyldan 2005-nji ýyla çenli geçirilen “Tour de France” ýaryşyna ABŞ-nyň toparynyň agzasy hökmünde gatnaşyp, bu ýaryşlaryň ählisinde yzly-yzyna 7 gezek ýeňiş gazandy. Sportsmen şol bäsleşikleriň dowamynda hem beýleki ýaryşlara gatnaşanda, dopingi anyklaýan ýüzlerçe testi hem tabşyrypdy.

Ol şol testleriň netijeleriniň özüniň hiç haçan doping ulanmandygyny subut edýändigini aýdýar.

Doping, ýagny adamyň kuwwatyny artdyrmak üçin gadagan himiki maddalary ulanmagy bilen bagly ýagdaý “Tour de France” ýaryşynyň hem tigir sürmek sportunyň abraýyna ýaramaz täsir ýetirdi.

Testleriň netijeleri sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň köpüsiniň aldaw ýollary bilen üstünlik gazanandyklaryny görkezdi.

Uly ýaryşlara gatnaşmagyny bes eden Armstrong 2009-njy, 2010-njy ýyllarda Gazagystanyň Astana toparynyň hatarynda ýaryşmak üçin uly sporta dolanyp barypdy. Ol bu bäsleşiklerde 2009-njy ýylda 3-nji, 2010-njy ýylda bolsa 23-nji orny eýeledi.
XS
SM
MD
LG