Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda tükmen-täjik gepleşikleri geçirildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda, 23-nji awgust.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda, 23-nji awgust.
Penşenbe güni, 23-nji awgustda Türkmenistan bilen Täjigistanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen resmi gepleşiklerde iki ýurduň geljekki hyzmatdaşlygyna degişli käbir dokumentlere gol goýuldy, hyzmatdaşlygyň käbir ugurlarynda ösüşiň hem bolanlygy aýdyldy.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň özara söwda dolanyşygy 60% ýokarlandy diýlip, habar berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylda haryt dolanşygynyň 194 million dollara ýetenligini aýtdy.

Soňky döwürde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy gatnaşyklar hem ösüpdir. Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri we parlamentleri arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşendigini aýtdy.

Aşgabatda geçirilen türkmen-täjik gepleşiklerinde 2013-2014-nji ýyllarda hökümetleriň medeniýet we sungat ugurlaryndan hyzmatdaşlygy boýunça programma we ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça programma, şeýle-de ýurtlaryň birek-bireginiň ilçihanalary üçin ýer bermegine degişli ylalaşyga gol çekildi.

Ýurtlaryň Söwda-senagat palatalarynyň arasynda ylalaşyk, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdeýjileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak babatda iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasynda ylalaşyk, şeýle-de Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon regional howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady, şeýle-de döwrebap regional infrastrukturany döretmek, transport aragatnaşygyny, energiýa liniýalaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň pozisiýasyna raýdaşlyk bildirdi.

Türkmenistan iki ýurduň özara eksportynyň ugurlaryny düýpli täzelemegi teklip etdi. Prezident Berdimuhamedowyň sözlerine görä, türkmen tarapy Täjigistan respublikasyna iberýän nebit önümleriniň mukdaryny artdyrmaga taýýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistana satýan elektrik togunynyň mukdaryny artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň elektrik togunyň günorta-gündogara tarap eksportyny geljekki bir ýarym ýylyň dowamynda azyndan bäş esse ýokarlandyrmaga mümkinçiligi bar.

Türkmen tarapy Täjigistana indiki ýylda Arçmanda syyahatçylyk we kurort boýunça bilelikdäki maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Rahmon Türkmenistanyň beýik döwlet sylagy bolan “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.
XS
SM
MD
LG