Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň hökümeti Daglyk-Badagşandan goşunlaryny çykarýar


Anna güni Täjigistanyň hökümeti ýakynda ýurduň Daglyk-Badagşan awtonom oblastyna ýollan harby güýçlerini bu regiondan yzyna çykarýandygyny yglan etdi.

Bu çäre bu awtonom oblastyň ýerli graždan jemgyýetiniň aktiwistleri bilen hökümet resmileriniň arasynda gelnen ylalaşyga görä amala aşyrylýar.

Bu wakanyň öňýany Daglyk-Badagşan awtonom oblastynyň merkezi şäheri bolan Korug şäherinde müňlerçe protestçi hökümet güýçleriniň bu regiondan çykarylmagyny talap edip, demonstrasiýa geçiripdi.

Protest çykyşlarynyň möwç almagyna bu regiondaky ozalky oppozision meýdan komandirlerinden biri Imomnazar Imomnazarowyň öldürilmegi sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG