Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýanyň laboratoriýasy Arafatyň jesedini barlamakçy


Anna güni Şweýsariýanyň radioaktiw elementler boýunça laboratoriýasy Palestinanyň ozalky lideri Ýasser Arafatyň jesedinde radioaktiw jisimler boýunça barlagyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Şweýsariýanyň “Lauzanne” uniwersitetiniň medisina merkezi bu barada Ýasser Arafatyň aýalyndan resmi rugsat alandan soň yglan etdi. Bu medisina merkeziniň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, Ýasser Arafatyň jesedinde barlag geçirmek üçin ýakyn wagtlarda ekspertler topary Palestina barar.

Ýakynda žurnalistleriň geçiren barlaglarynyň netijesinde Ýasser Arafatyň geýen soňky geýimlerinden ýokary möçberde radioaktiw polonium elementiniň tapylandygy habar berlipdi.

Bu maglumatlaryň yzy bilen, Palestinanyň hökümeti Ýasser Arafatyň jesedinde-de barlaglaryň geçirilmelidigi barada karara geldi. Ýasser Arafat 2004-nji ýylda 75 ýaşynyň içinde Parižiň keselhanasynda aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG