Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ilat talybanlara gaýtawul berýär


Owganystanyň Gazni welaýatynda tussag edilen talyban söweşijileri we olaryň ýaraglary žurnalistlere görkezilýär. Aprel, 2012.

Owganystanyň Gazni welaýatynda tussag edilen talyban söweşijileri we olaryň ýaraglary žurnalistlere görkezilýär. Aprel, 2012.

Ýakynda Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän bir obanyň gaharly ýaşaýjylary talyban söweşijilerine garşy baş göterip, bu söweşde üstün çykdylar.

Özlerini “Milli gozgalaň hereketi” diýip atlandyrýan we gowşak ýaraglanan bu obalylar talybanlary agyr ýitgilere uçradyp, olary onlarça obadan we Gazni welaýatynyň birnäçe etraplaryndan kowup çykarmagy başardylar.

Talybanlaryň rehimsiz düzgünlerine garşy halkyň nägileliklerinden gözbaş alýan bu hereket talyban söweşijilerini oňaýsyz ýagdaýa salýar. Ozalbaşdan talybanlar oba ýaşaýjylarynyň öýlerini otlap, ýaşulularyny alyp gaçyp, ýerli ilata güýçli basyşlara sezewar etdiler. Ýöne oba ýaşaýjylarynyň garşylygynyň dowam etmegi netijesinde, talyban söweşijileri yza çekilip, ýerli ilat bilen gepleşik geçirmegi teklip etdiler, emma obalylar olaryň bu teklibini ret etdiler.

Gozgalaňyň ilkinji başlan ýeri bolan Gazni welaýatynyň dartgynly Andar etrabynyň ýaşaýjysy Ahmad Waliniň aýtmagyna görä, gozgalaň maý aýynda welaýat häkimliginiň talybanlar üçin esasy transport serişdesi bolan motosiklleri sürmegi gadagan etmegi bilen başlanypdyr.

Ahmad Wali talybanlaryň şol gadagançylygyň ýatyrylmagy üçin hökümete basyş etmek maksady bilen, ýerli halka azar berip başlandygyny aýdýar: “Adamlara daşary çykmak gaty kyndy. Mekdepleriň we keselhanalaryň hemmesi ýapylypdy. talybanlar tarapyndan azar berilmezden, hiç kim hiç ýere gidip bilenokdy”.

Talybanlar bilen dil tapmadylar

Andar etrabynyň ýerli ýaşaýjylary talybanlar bilen ylalaşmak üçin synanyşandyklaryny, ýöne onuň başa barmandygyny aýdýarlar. Ýerliler hatda mekdepleri we bazarlary açyp, ýollaryň we guýularyň bejerilmegine rugsat berseler, özleriniň talybanlaryň tarapynda hökümetiň garşysyna bilelikde göreşmegi-de teklip edendiklerini aýdýarlar.

Talybanlar olaryň bu talabyny ret edensoňlar, ýerliler öz obalaryna gaýdyp, öz aralarynda birleşýärler. Bu hem “Milli gozgalaň hereketiniň” döremegine esas bolýar. Ertesi güni atyşyk başlanýar, talybanlar başda berk garşylyk görkezýär.

Andar etrabynyň ýaşaýjysy Barýolaý Andaryň aýtmagyna görä, ýüzlerçe agzasy bolan bu bileleşik onlarça söweşijini tutup, türmä basypdyr we başga-da onlarçasyny özara çaknyşyklarda atyp öldüripdir. Ol bileleşigiň netijesinde sebitde tertip-düzgüniň we durmuşyň köp ugurlarynyň kadaly ýagdaýa dolanandygyny aýdýar: “Hemme adamlar bu bileleşikden gaty razy. Alla ýol berse, olar öz söweşlerini beýleki ýerlerde-de alyp bararlar. Olar howpsuzlygy üpjün edip, bize uly kömek etdiler. Talyban tarapyndan ýapylan mekdepleriň ählisi açyldy”.

Talybanlar ýerli ilatyň bu bileleşigini Kabulyň resmileri we ABŞ tarapyndan taýýarlanan ýörite bir plan diýip atlandyryp, muny ýazgarýar. Bu ýazgarmany “Milli gozgalaň bileleşigi” doly ret edýär.

Bu bileleşigiň agzasy Abdul Karim Han: “Talybanlar biziň halkymyza zulum we sütem edýär. Olar hüjüm edip, obanyň ýaşulularyny we bileleşigiň ýolbaşçylaryny öldürýärler. Biziň öz serişdelerimiz bar, bu söweşi öz serişdelerimiz bilen alyp barýarys” diýip, gürrüň berýär.

Hökümetden goldaw islänoklar

Owgan hökümeti talybanlara garşy ýerli gozgalaňy goldaýandygyny aýtdy, ýöne muňa maliýa hem-de tehniki taýdan goldaw berýändigini tassyklamady.

Gazna welaýatyndan parlamentiň öňki agzasy Daud Sultonzoýyň aýtmagyna görä, bu bileleşik ilat tarapyndan berilýän goldawdan we abraýdan mahrum bolmakdan ätiýaç edip, hökümetden goldaw almakdan gaça durýar.

“Talybana garşy hereket hökümetden goldaw alyp we hökümet bilen baglanyşdyrylyp bilinmez. Sebäbi, hökümetiň ýanaşan zady ýaramazlyga öwrülýär. Şunlukda, şeýle halk hereketine ýardam berer ýaly derejede hökümetde abraý ýok. Bu hereketiň kuwwatynyň halkyň öz içinden gelmegi zerur. Ýöne, beýleki tarapdan, adamlar kän bir ruhlanybam bilenoklar, sebäbi olar ‘eger biz talybanlara garşy söweşsek, onda olaryň ýerine saýlanyp alynmaly ýene-de şu hökümet bolýar’ diýip pikir edýärler” diýip, Daud Sultanzoý ýagdaýy düşündirýär.

“Milli gozgalaň hereketi” soňky aýlarda Andar etrabyndan daşary beýleki goňşy etraplara hem ýaýrady. Bu toparyň berýän maglumatyna görä, şu wagt Gazni welaýatynyň 19 etrabyndan azyndan 10-synda talybanlara garşy gozgalaňlar dowam edýär.

Maglumatlara görä, Gaznidäki hereket bilen göni baglanyşygy bolmasa-da, talybanlara garşy garşylyklaryň uly bolmadyk görnüşi Owganystanyň Paktiýa, Kunar, Nuristan we Lagman welaýatlarynda-da bolupdyr.

Waşingtonyň “Uruş meselelerini öwreniş institutynyň” Owganystan we Pakistan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, bilermen Jeffreý Dressler talybanlara we olaryň metodlaryna garşy köpçülikleýin närazylyklaryň artyp gidip oturmagy bilen, tutuş Owganystanda talybanlardan nägile ilat toparlarynyň ýerlerde talybanlara garşy çykyş etmekleriniň köpçülikleýin hasiýete eýe bolmak potensialynyň bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG