Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň sudy “Samsung” kompaniýasyna uly jerime saldy


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatyndaky federal sudy Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasyny “Apple” kompaniýasynyň patentlik hukugyna ýetiren zyýany üçin onuň 1 milliard dollardan gowrak jerime tölemelidigi barada karar çykardy.

Kaliforniýanyň sudy “Samsung” kompaniýasyny “Apple” kompaniýasynyň tehnologik innowasiýalaryndan peýdalananlykda günäli tapdy.

Bu iki kompaniýanyň birek-birege bildirýän aýyplamalary boýunça häzirki wagt Britaniýada, Awstraliýada we Günorta Koreýada hem sud prosesleri barýar.
XS
SM
MD
LG