Sepleriň elýeterliligi

Meksikoda polisiýanyň okundan iki amerikan diplomaty ýaralandy


Şenbe güni Meksikonyň paýtagtynyň golaýynda ýerli polisiýanyň atan okundan iki sany amerikan diplomaty ýaralandy.

Meksikonyň Harby-deňiz ministrligi bu wakanyň Meksiko-siti şäherinden 40 kilometr töweregi günortada ýüz berendigini mälim etdi.

Maglumata görä, bu wakada amerikan diplomatlary öz ulaglaryny saklamak barada polisiýanyň beren duýduryşyna boýun bolmansoň, polisiýa olaryň ulagyna garşy ok atypdyr.

Maglumatda polisiýa işgärleriniň olaryň maşynyny adam ogurlygynda gözlenilýän bir maşyndyr öýdüp güman edendikleri aýdylýar.

ABŞ-nyň Meksikodaky ilçihanasy bu wakada ýaralanyp, keselhana düşen iki amerikan diplomatynyň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG