Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela: nebit zawodyndaky partlamada azyndan 19 adam öldi


Şenbe güni Wenesuelanyň iň uly nebit arassalaýjy zawodynda ýüz beren partlamada azyndan 19 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Döwlet telewideniýesi bu partlamanyň Wenesuelanyň demirgazyk-günbatar regionyndaky Paraguana ýarym adasynda ýerleşýän iň uly nebit arassalaýjy zawodynda ýüze çykandygyny habar berýär.

Bu heläkçiligiň bolan ştatynyň gubernatory Stella Lugo bu wakada azyndan 53 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Wenesuelanyň bu nebit arassalaýjy zawody her günde 645 müň barrel töweregi arassa nebit işläp çykarýar. Partlamanyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG