Sepleriň elýeterliligi

Ministrler Assanjyň meselesi boýunça çagyryş etdiler


Waşingtonda maslahata ýygnanan Amerika Döwletleri Guramasynyň daşary işler ministrleri şenbe güni Britaniýany we Ekwadory Julian Assanjyň ykbaly bilen baglanyşykly meseleleri gepleşikler arkaly çözmeklige çagyrdylar.

“WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj iki aý mundan ozal syýasy gaçybatalga sorap, Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyna gaçyp atypdy.

Ekwadoryň oňa resmi gaçybatalga berendigine garamazdan, Britaniýanyň häkimiýetleri Şwesiýada aýal maşgala jynsy taýdan el gatanlykda bildirilýän aýyplamalar boýunça Julian Assanjy tussag etmekçidiklerini aýdýarlar.

Ekwadoryň prezidenti Rafael Korreýa “WikiLeaks” saýtynyň ABŞ-nyň gizlin diplomatik hatlaryny ýaýradandygy bilen baglanyşykly Julian Assanjyň Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmek howpunyň bardygyny nygtap çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG